Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri geçirýär
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin 19 sany barlaghana hereket edýär.

Türkmenistan ýiti öýken sowuklama keseliniň dünýäde dörän ilkinji günlerinden başlap, bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi.

N.Amannepesow öz hasabatynda ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn işleriň amala aşyrylandygyny, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Dolandyryş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde bolsa bu meseleler boýunça Ýerli Dolandyryş merkeziniň döredilendigini habar berdii.

“Farap, Sarahs we Garabogaz Döwlet serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinde 80 orunlyk karantin gözegçilik nokatlary guruldy. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň 9 sany gözegçilik geçiriş ýerlerinde ulaglar üçin zyýansyzlandyryş geçelgeleri, zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş-fumigasiýa desgalary guruldy” diýip, N.Amannepesow habar berdi.

Şeýle hem daşary ýurtlarda bolup gelen raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde hem-de Garabogaz şäherçesinde meýdan gospitallarynyň işi guraldy.

“Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda näsaglara saglygy goraýyş kömegini bermek we nusgalyklary barlaghana alyp gitmek üçin ýurdumyzdaky gözegçilik-geçiriş nokatlarynda dikuçarlaryň nobatçylygy ýola goýuldy. Geljekde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan lukmançylyk ulgamyna degişli dikuçarlary almak göz öňünde tutulýar” diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri belledi.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça paýtagtymyzda we welaýatlarda ýokanç keselleri halkara ülňülere laýyk gelýän Polomeraz zynjyrly reaksiýasynyň (PZR) barlagy arkaly anyklamak üçin 19 sany barlaghana hereket edýär. Ilaty derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, 10 million amerikan dollary möçberinde derman serişdeleri satyn alyndy we ýurdumyza getirilip, bu keseliň öňüni almak maksatlary üçin ulanyldy.

Mundan başga-da, möwsümleýin dümew keseline garşy waksinanyň 240 müň dozasy ýurdumyza getirildi hem-de ilatymyzyň töwekgel toparlarynyň arasynda sanjym işleri geçirildi we bu işler dowam edýär. Agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini hem-de lukmanlar üçin niýetlenen egin-eşikleri öndürmek ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täzeden möwç almagy ynjalyksyzlyk döredýändigini aýtdy we hökümetiň bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýandygyny hem-de zerur bolan çäreleri görýändigini nygtady.

Türkmenistanda giň gerimli hem-de maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde, howply ýokanç keselleriň öňüne ygtybarly böwet goýuldy, olaryň öňüni almak babatda görülýän netijeli çäreler bolsa keseliň aralaşmak howpuny ep-esli azaldýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dürli döwletlerde täze koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen täze iň ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmäge degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz agyz-burun örtüklerini, gorag we zyýansyzlandyryş serişdelerini öndürmegi hem-de olaryň ätiýaçlyk goruny döretmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022