Türkmen kompaniýasy pomidoryň täze görnüşini synag edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy pomidoryň täze görnüşini synag edýär
2,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanada sentýabr aýynda 57 müň düýp şitil oturdyldy.

Lebap welaýatynda ýerleşýän “Altyn gül” hususy kärhanasy öz ýyladyşhanasynda şu ýyl pomidoryň “Marwelans” görnüşini synag edýär.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, 2,5 gektar meýdanda ýerleşýän ýyladyşhanada sentýabr aýynda 57 müň düýp şitil oturdyldy. Häzirki wagtda ekilen şitilleri otamak we olary witaminler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Pomidoryň “Marwelans” görnüşi daşky täsirlere durnuklylygy bilen tapawutlanýar, işe başarnykly çemeleşilende bolsa, kärhana öz eksportda mümkinçiligini giňelder.

Ýyladyşhanada täze hasylyň noýabr aýynyň ikinji ýarymynda ýygnalyp başlanmagyna garaşylýar.

“Altyn gül” kärhananyň ýyladyşhana toplumynda 30-dan gowrak işgär zähmet çekýär. Kompaniýa pomidorlaryny esasan Gazagystana we Russiýa eksport edýär.

2022