Türkmenistan–BAE: ulag mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan–BAE: ulag mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri maslahatlaşyldy
Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň çarşenbe güni habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge, maýa goýum ýagdaýyny kämilleşdirmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Işewür gatnaşyklaryň gün tertibine iki ýurduň ulag mümkinçilikleri baradaky meseleleri girizmek boýunça pikir alşyldy. Şonda deňiz, demir ýol we howa ulgamlarynyň, port düzümleriniň kuwwatyny ulanmak arkaly ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň orny barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, “EXPO-2020” Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi, oňa Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan energetika we düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamany durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga açykdygyny tassyklady.

Taraplar “ýaşyl” ykdysadyýetiň ähmiýetini belläp, durnukly energiýa ulgamynyň kemala getirilmegi, innowasion tehnologiýalaryň we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynyň bilermenlik başarnyklarynyň ilerledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.