Kazan şäherinde Türkmenistanyň söwda öýi açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kazan şäherinde Türkmenistanyň söwda öýi açylar
Döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, wise-premýer Ç.Gylyjow tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydygyny nygtady.

Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde köpsanly taslamalaryň durandygyny belledi. Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, Tatarystan özüniň serişde – senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary bilen baglylykda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

2022