Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamyndaky özara gatnaşyklary tagallalaryň netijeli birleşdirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezdi. Malaýziýanyň “PETRONAS” döwlet kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.
Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, işewür gatnaşyklary ösdürmek, uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin köp sanly geljegi uly ugurlaryň bardygy bellenildi. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, önümçilige öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin hem oňyn şertler bardyr.
Sebit we ählumumy derejede wajyp meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dünýä bileleşiginde uly ynjalyksyzlyk döredýän koronawirus pandemiýasy meselesi barada hem durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, bu howpa garşy üstünlikli göreşmegiň möhüm şerti hökmünde halkara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlary, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek, iki halkyň we döwletleriň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Muhiddin Ýassin netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek ugruna ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.