Türkmenistan–Owganystan: bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilşi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan–Owganystan: bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilşi maslahatlaşyldy
Türkmen-Owgan söhbetdeşligiň çäklerinde bilelikdäki geosyýasy hem-de geoykdysady taslamalary durmuşa geçirmek babatynda sazlaşykly işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew sişenbe güni Owganystanyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda W.Hajiýew türkmen tarapynyň Owganystanyň Hökümetiniň ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmegi ugrundaky tagallalaryny ähli ugurlar boýunça goldaýandygyny hem-de bitaraplyk hukuk derejesiniň çäginde ylalaşyk we integrasiýa prosesinde zerur bolan hemaýaty bermäge ymtylýandygyny belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýlaryň syýasy taýdan parahatçylykly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş etmek bilen, anyk netijeleriň gazanylmagy üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň tutuş toplumynyň ulanylmagyny teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ş.Kargar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de owgan halkynyň ösüşiň parahatçylykly ýoluna integrirlenmegine Türkmenistanyň ähmiýetli goşant goşýandygyna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasy bolup, ol taraplaryň ulag, kommunikasiýalar, energetika, gurluşyk, ylym-bilim we köpsanly beýleki ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýandyr diýip, habarda aýdylýar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň gatnaşmagynda bilelikdäki geosyýasy hem-de geoykdysady taslamalary durmuşa geçirmek babatynda sazlaşykly işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle-de geljegi uly taslamalaryň doly göwrümde we öz wagtynda durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň we Owganystanyň ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşyklarynyň has hem işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

 

2022