Türkmenistan–BMG ÝYK: ulag we söwda meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan–BMG ÝYK: ulag we söwda meseleleri maslahatlaşyldy
Şu ýyl Türkmenistan ulag ulgamyndaky ençeme ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna goşuldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowanyň arasynda sişenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketleriň giň toplumy boýunça netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Ulag, söwda, energetika, daşky gurşawyň goragy ulgamlarynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynda BMG ÝYK-nyň wajyp orny bellenilip geçildi, ol bolsa häzirki pandemiýa döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýar.

Durnukly ulag ulgamynyň derwaýyslygy barada gürrüň edip, taraplar Içerki ulag boýunça toparyň (IUT) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Türkmen tarapynyň halkara ýol gatnawlary meseleleri, ýük daşamalarynyň we ulag ugurlarynyň sazlaşyklylygy boýunça IUT-yň iş toparlarynyň mejlislerine işjeň gatnaşmak arkaly bu hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ählitaraplaýyn ösüşiň ileri tutulýan wezipeleriniň berjaý edilmegi babatynda gatnaşyjy-ýurtlaryň zerur bolan mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegine çagyrýandyr.

Taraplar şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) bilermenleriniň teklipleriniň nazarda tutulmagy bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG ÝYK bilen, hususan-da beýlekiler bilen bir hatarda DÖM-na ýetmekde sebitleýin gatnaşyklaryň durmuşa geçirilmegini ileri tutýan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde özara hereketleriň giňeldilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

Gepleşigiň ahyrynda taraplar häzirki hereket edýän we geljekki başlangyçlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Şu ýyl Türkmenistan ulag ulgamyndaky ençeme ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna goşuldy. Olaryň hatarynda BMG-niň alty sany Konwensiýasy bolup, olar beýleki zerur wezipeler bilen ugurdaşlykda halkara ýol hereketiniň kämilleşdirilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.