Türkmenistanda 25 mln. düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 25 mln. düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar
Ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyna laýyklykda, ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahalynyň, şol sanda:

  • ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 7 million 500 müň düýp nahalyň;
  • welaýatlaryň häkimliklerine 7 million 500 müň düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini, olaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Degişli Karar bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hemme edaralary ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.

 
2022