TNGIZT nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrýar
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup durýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini 86%-den (2019-njy ýylyň jemi boýunça) 92%-e çenli ýokarlandyrar. Bu bolsa TNGIZT-ni nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň hataryna girmäge mümkinçilik berer. Bu barada TNGIZT-niň baş direktory Döwran Çişiýew Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” halkara maslahatyndaky çykyşyna salgylanyp “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

D.Çişiýewiň aýtmagyna görä, nebiti gaýtadan işlemekde görkezijiniň şu derejä ýokarlanmagyny TNGIZT toplumynda gurulýan haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň işe girizilmeginiň netijesinde gazanyp bolar.

TNGIZT-i ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň çäklerinde täze tehnologiýalaryň mundan beýläk-de ornaşdyrylmagy Ýewro-5 standartyna gabat gelýän ekologiki taýdan arassa awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň önümçiligine doly geçmeklige gönükdirilýär diýip, D.Çişiýew belledi.

Häzirki wagtda toplumyň düzümine nebitiň başlangyç we ikilenç gaýtadan işlenilmegi boýunça birnäçe desgalar, ýagny “ELDAD-HT”, katalitiki kreking we riforming, reaktiw ýangyjy arassalamak, dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş, olefinleri alkilirlemek we ýeňil benzini izomerlemek boýunça desgalary girýär.

TNGIZT-i döwrebaplaşdyrmak işiniň barşynda öňdebaryjy kärhananyň tehnologiki desgalary bolan polipropilen örtügini, polipropilen haltalary, bitumy, koksy we ýakylan koksy, çalynýan ýaglary we polipropileni öndürmek boýunça desgalar işe girizildi. Toplumyň önümçiliginiň sanly ulgama geçirilmegi hem dowam edýär. Häzirki wagtda gözegçilik we dolandyryş desgalarynyň maglumatyny toplamak, gaýtadan işlemek, görkezmek we arhiwleşdirmek ulgamlary ornaşdyrylýar.

TNGIZT-de nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa pudaklarynyň önümleriniň ähli görnüşleri öndürilip, olar ekologiki standartlaryna doly gabat gelýär. Ýokary oktanly etilirlenmedik awtomobil benzini, awiasion, ýagtylyk we tehniki kerosinleriň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleriniň, şol sanda EKO-4 we EKO-5 ýangyçlary, çalynýan ýaglarynyň 30-dan gowrak görnüşleriniň, polipropileniň, elektrod ýakylan koksyň, ýokary hilli ýol we gurluşyk bitumynyň, azkükürtli ýangyç mazutlar kärhananyň esasy önümçiligidir.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022