Türkmen hususyýetçileri et we süýt önümleriniň 90%-den gowragyny öndürýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususyýetçileri et we süýt önümleriniň 90%-den gowragyny öndürýärler
Häzir ýurdumyzda 122 sany maldarçylyk toplumlary hereket edýär, ýene-de täze 90-sy gurulýar.

Türkmenistan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny, et we süýt önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly gerimli işleri alyp barýar.

“Biznes reklama” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça umumy öndürilýän maldarçylyk önümleri bolan etiň 94%, süýdüň 98.3% we ýüňüň 89% hususyýetçiler, galan bölegi bolsa maldarçylyk we azyk senagaty döwlet birleşikleri hem-de beýleki döwlet eýeçiligine degişli bolan hojalyklar tarapyndan öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, häzir ýurdumyzda 122 sany maldarçylyk toplumlary hereket edýär, ýene-de täze 90-sy gurulýar. Bu toplumlar daşary ýurtlardan getirilýän et we süýt önümleriniň möçberini ep-esli azaltmaga ýardam berdi.

Bularyň ählisi oba senagat toplumynyň maldarçylyk pudagynyň depginli ösýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň hünärmenleri bu ugurda täze önümçilikleri işjeň özleşdirýärler hem-de ýerli kärhanalary kämilleşdirmegi dowam edýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň dükanlarynyň tekjelerindäki azyk önümleriniň görnüşleriniň artmagyna, gürrüňsiz suratda, oňyn täsir eder.  Telekeçileriň ýyllyk meýilnamalaryny ýerine ýetirmeklerindäki gazanýan üstünliklerini-de belläp geçmek gerek.

Häzirki wagtda Mary welaýatynda sebitde iri süýt önümlerini gaýtadan işleýän toplum gurulýar. Onuň işe girizilmegi gury süýdi, mesge ýagyny we dürli görnüşli doňdurma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berer.

 
2022