Türkmenistan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny, et we süýt önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak hem-de pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly gerimli işleri alyp barýar.
“Biznes reklama” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça umumy öndürilýän maldarçylyk önümleri bolan etiň 94%, süýdüň 98.3% we ýüňüň 89% hususyýetçiler, galan bölegi bolsa maldarçylyk we azyk senagaty döwlet birleşikleri hem-de beýleki döwlet eýeçiligine degişli bolan hojalyklar tarapyndan öndürilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzir ýurdumyzda 122 sany maldarçylyk toplumlary hereket edýär, ýene-de täze 90-sy gurulýar. Bu toplumlar daşary ýurtlardan getirilýän et we süýt önümleriniň möçberini ep-esli azaltmaga ýardam berdi.
Bularyň ählisi oba senagat toplumynyň maldarçylyk pudagynyň depginli ösýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň hünärmenleri bu ugurda täze önümçilikleri işjeň özleşdirýärler hem-de ýerli kärhanalary kämilleşdirmegi dowam edýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň dükanlarynyň tekjelerindäki azyk önümleriniň görnüşleriniň artmagyna, gürrüňsiz suratda, oňyn täsir eder. Telekeçileriň ýyllyk meýilnamalaryny ýerine ýetirmeklerindäki gazanýan üstünliklerini-de belläp geçmek gerek.
Häzirki wagtda Mary welaýatynda sebitde iri süýt önümlerini gaýtadan işleýän toplum gurulýar. Onuň işe girizilmegi gury süýdi, mesge ýagyny we dürli görnüşli doňdurma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berer.