USAID X Merkezi Aziýa söwda forumyny onlaýn görnüşinde geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID X Merkezi Aziýa söwda forumyny onlaýn görnüşinde geçirer
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň edara binasy. ABŞ, Waşington şäheri (Surat: GAO)

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) howandarlygynda sebitleýin söwdany we özara baglanşygy öňe sürmek maksady bilen her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa söwda forumynyň 10-njy mejlisi şu ýylyň 16-20-nji noýabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçiriler. Bu barada ABŞ-nyň Özbegistandaky ilçihanasynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl forum “Merkezi Aziýa: ösüş we rowaçlyk” atly mowzukda geçiriler. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar täze trendleri we pandemiýadan soň ykdysadyýetiň täzeleniş döwründe bazarlaryň ugurlarynyň üýtgemegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Metbugat beýanatyna görä, dört günlük onlaýn-forumyň dowamynda COVID-19-yň sebitleýin üpjünçilik ugurlaryna täsiri, Merkezi Aziýada syýahatçylygyň dikeldilmegi, sebitleýin energetika bazarynda täzeçillik, sebitde elektron söwda üçin päsgelçilikler we mümkinçilikler, döwlet bilen hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de zenan telekeçileriň tejribesi ýaly meselelere we beýlekilere serediler.

Şeýle-de forumyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň hem-de sebitdäki we onuň daşyndaky hyzmatdaşlaryň arasynda “Söwda dünýäsi” onlaýn-platformasynyň üsti bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik dörediler.

Soňky on ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa söwda forumyna 30 ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleriniň 5000-den gowragy gatnaşdylar.

 
2022