Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy arasyndaky söwda-ykdysady hem-de bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Russiýanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow duşenbe güni Russiýanyň Çuwaşiýa Respublikasynyň ýolbaşçysy Oleg Nikolaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Çuwaşiýa Respublikasynyň hökümet edaralarynyň resmi internet sahypasynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de bilim pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn haryt dolanşygy 295,6 müň amerikan dollaryna deň boldy (2019-njy ýylyň degişli döwründe $201,8 müň, 2018-nji ýylda bolsa $193,1 müň).

Sebit boýunça Türkmenistana iberilýän harytlaryň uzak möhletleýin döwür (2020-2022 ýyllar) üçin çak edilýän ortaça ýyllyk ösüş depgini 6%-e barabar bolup durýar. Türkmenistan gapylary, elektrik enjamlary we metal gurluşlary öndürýän çuwaşiýaly kompaniýalar üçin geljegi uly bazar hökmünde seredilýär.

Baş konsulyň belleýşi ýaly, Türkmenistan üçin eksporty hem-de importy ýola goýmak wajyp bolup durýar. “Geljekde bu amallary işjeň ýagdaýda ýerine ýetirip başlamagy ynam bildirýäris” diýip, A.Baýramow nygtady.

Şeýle-de taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça meselelere seretdiler. Häzirki wagtda Çuwaşiýa Respublikasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 853-si bilim alýar.

Türkmenistana Çuwaşiýanyň şu kärhanalary: “Himprom” APJ, “Železnaýa manufaktura Urala” JÇJ, “Gidrant” JÇJ, “GRASK” ÝPJ, “Elinoks” JÇJ, “Akkond” PJ, “Dinamika” YÖK , “WNIIR” PJ, “Çeboksarskiý agregatnyý zawod” APJ hem-de “ŞZSA” JÇJ öz önümlerini eksport edýärler.