Türkmenistanyň migrasiýa gullugy we UNHCR raýatsyzlyk boýunça brifing geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň migrasiýa gullugy we UNHCR raýatsyzlyk boýunça brifing geçirdi
2011-nji ýyldan başlap, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň (UNHCR) çarşenbe güni wideoaragatnaşyk görnüşindäki bilelikdäki brifingi geçirildi. Ol raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ählumumy möwsümini (#IBelong) durmuşa geçirmegiň nobatdaky senesine bagyşlandy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, häzirki döwürde raýatsyzlyk esasy mesele bolup durýar. Ol dünýä ýüzünde esasy hukuklara we resmi taýdan yglan edilmegine mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň millionlarçasyny öz içine alýar.

Bellenilişi ýaly, raýatsyzlygy aýyrmak maksady bilen, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary 2014-nji ýylyň noýabr aýynda #IBelong on ýyllyk möwsümi herekete girizdi. Onuň çäklerinde ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň esaslaryna ygrarly bolan dünýäniň köp sanly ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy.

Brifingiň dowamynda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň işgärleri bu ählumumy möwsümiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça döwlet derejesinde Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky möhüm waka öwrüldi. Ol birnäçe anyk çäreleri göz öňünde tutýar diýip, brifingde aýdyldy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň belleýişleri ýaly, 2011-nji ýyldan başlap, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda “Raýatlyk ýagdaýynyň namalary hakynda” Kanun kabul edildi. Ol ene-atalarynyň derejesine garamazdan, ýurdumyzyň çäginde doglan ähli çagalaryň hasaba alynmagyny kepillendirýär.

Onlaýn görnüşinde geçirilen brifinge gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet neşirýat gullugynyň, ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň, şeýle hem resmi web-saýtlaryň wekilleri çagyryldy.

2022