Türkmenistanda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) awtomobil benziniň AI-100 görnüşini öndürmäge mümkinçilik bardyr diýip, tehniki ylmynyň doktory Allaberdi Ylýasow nygtady. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
A.Ylýasowyň sözlerine görä, benziniň bu görnüşiniň önümçiliginiň başlanmagy bilen Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň hil we tehnologiki derejesi ýokarlanar.
Ýokary oktanly AI-100 benzininiň özboluşly düzümi häzirki zaman ýokary öndürijilikli hereketlendirijileriň kuwwatyny doly işe girizmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, Ylýasow belledi.
A.Ylýasowyň sözlerine görä, täze önüm döwlet hem-de halkara standartlaryna laýyk geler. Haryt görnüşleriniň artmagy Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýiş kuwwatlyklary kämilleşdirmek boýunça iri maksatnamanyň esasynda goýlandyr. “Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýan zawodynda benziniň täze görnüşiniň alynmagy ulgama gidroizomerizasiýa girizilen halatynda mümkindir” diýip, alym aýdan sözleriniň üstüni ýetirdi.
AI-100 benzini AI-95 benzininden çökündileriň öňüni alýan ýokary hilli düzüm bölekleriniň köp mukdarynyň we ýangyç ulgamynyň arassalygyny üpjün edýän ýuwujy goşundysynyň bolmagy bilen düýpli tapawutlanýar.
Türkmenistanda 2019-njy ýyldan bäri tebigy gazdan ЕСO-93 görnüşli awtoulag benzini öndürilýär. Awtoulag ýangyjynyň bu görnüşi ulanylanda nebitiň esasynda çykarylan benzin bilen deňeşdirilende kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.