Azerbaýjanyň hususy kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga taýýar diýip, "Caspian Logistics Solutions" (CLS) kompaniýalar toparynyň başlygynyň orunbasary Rifat Sultan-zade Parižde geçirilen Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahatyň (TEIF 2024) dowamynda mälim etdi.
“Report.az” agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, CLS-iň başlygynyň orunbasary şeýle hem Türkmenistanyň çäginden geçýän täze ulag ugurlaryny ösdürmegiň birnäçe usullaryna garamagy teklip etdi.
CLS-iň başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, kompaniýalar topary sebitiň logistika taslamalaryna maýalary çekmek üçin "Black-Caspian Logistics Fund" atly logistika maýa goýum gaznasyny döretmegiň üstünde işleýär.
Rifat Sultan-zade Türkmenistanyň Hökümetiniň ekologiýa we howa taslamalalary meýilnamalaryny hem-de ösüş stratagiýasyny hem üns merkezinde saklamak bilen, AZCHEMCO kompaniýalar toparynyň wekiliniň Türkmenistanyň mineral dökünleri öndürijileri bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem suwuk görnüşli we suwda ereýän dökünleriň önümçiligine maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini hem aýtdy.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň "Rysgally Zähmet" hususy kärhanasynyň we Azerbaýjanyň AZCHEMCO kompaniýalar toparynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Pariž şäherinde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahaty (TEIF 2024) geçirildi. Çäräniň çäklerinde nebit we gaz serişdelerini gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.