Türkmen Daşary ykdysady banky täze “Milli VISA” kartyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Daşary ykdysady banky täze “Milli VISA” kartyny hödürleýär
Bankyň täze önümi milli töleg ulgamyny dünýäniň maliýe bazaryna ýakynlaşdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, täze “Milli VISA karty” atly bank kartyny ulanyşa girizdi. Bu barada bankyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze bank kartyna ornaşdyrylan halkara çipi arkaly amallaryň has-da ygtybarlygyny gazanmak, tölegleriň çalt geçýän galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak hem-de elektron söwda modulynyň üsti bilen internet arkaly söwda etmek mümkinçiliklerini berýär.

Bankyň täze önümi milli töleg ulgamyny dünýäniň maliýe bazaryna ýakynlaşdyrmaga ýardam berer.

“Milli VISA” karty ählumumy töleg ulgamyna birikmäge hem-de howpsuz töleg amallaryny halkara ülňülerine laýyklykda geçirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1992-nji ýylda ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek üçin döredildi.

2022