Türkmenistan-BMG: durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilişine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-BMG: durmuş hyzmatlary boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilişine seredildi
“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de BMG-niň bilelikdäki maksatnamasy geçen ýylyň dekabr aýynda kabul edildi. (Surat: Orient.tm)

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” baradaky BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikdäki maksatnamasyny dolandyryjy komitetiniň sişenbe güni onlaýn mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýid Sylapowyň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

BMGÖM-iň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar soňky aýlarda bilelikdäki Maksatnamanyň durmuşa geçirilişini hem-de ugurdaş wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda dolandyryjy komitetiň agzalary bilelikdäki Maksatnamanyň çäklerinde ýerli derejede hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlaryny girizmekde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.

“Bu BMG-niň durmuş taýdan berilýän hyzmatlaryň modelini düýpgöter özgertmeklige köptaraplaýyn çemeleşmekligi hödürleýän ilkinji bilelikdäki tagallasy bolup durýar. Bu Maksatnama ilaty durmuş taýdan goramak, bilim, saglygy goraýyş hem-de iş üpjünçilik pudaklarynyň üsti bilen hemmetaraplaýyn durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly toplumlaýyn özgertmelere gönükdirilendir” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

Bilelikdäki Maksatnamanyň dolandyryjy komitetiniň agzalary komitetiň Tehniki wezipelerine goşmaçalar girizip, onuň düzümine Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetini girizmek hem-de komitetiň ýanyndaky Bilermenler toparynyň Tehniki wezipelerine goşmaçalar girizip, onuň düzümine durmuş hyzmatlaryny hödürleýän degişli jemgyýetçilik guramalaryny girizmek hakynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de BMG-niň “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki maksatnamasy geçen ýylyň dekabr aýynda kabul edildi.