Özbegistan 15 müň tonna golaý miwe şiresini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan 15 müň tonna golaý miwe şiresini eksport etdi
Özbek miwe şireleriniň esasy alyjylarynyň arasyna Russiýa we Gazagystan (eksportyň umumy möçberiniň 80%), şeýle hem Gyrgyzystan (10%) we Türkmenistan (5%) girdi.

Özbegistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda miwe şireleriniň we alkogolsyz içgileriniň 14,9 müň tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, eksportyň möçberi pul hasabynda 11,1 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Özbek miwe şireleriniň esasy alyjylarynyň arasyna Russiýa we Gazagystan (eksportyň umumy möçberiniň 80%), şeýle hem Gyrgyzystan (10%) we Türkmenistan (5%) girdi.

Mundan başga-da, Özbegistanda öndürilen miwe şireleri şu ýyl ilkinji gezek Germaniýa, Ukraina, Polşa we Birleşen Arap Emirliklerine hem ugradyldy.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistanyň daşary ýurtlar bilen haryt dolanşygy 27,49 milliard amerikan dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,75 milliard amerikan dollaryna çenli peseldi.

2022