Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde, şol sanda Arkalaşygyň döwletlerinde hem-de tutuş dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy nazara alnyp, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň anna güni wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde, şol sanda Arkalaşygyň döwletlerinde hem-de tutuş dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy nazara alnyp, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.

Mejlisiň barşynda ministr R.Meredow Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde, hususan-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugry boýunça durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapynyň obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek, saglygy goraýyş we derman senagaty, hyzmatlar ulgamy, ynsanperwer gatnaşyklary ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

Şu ýylyň maý aýynda Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapy çäreleriň degişli Meýilnamasy hakyndaky Çözgüde gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylara binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda geljek ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada habar berildi.

Mejlisiň barşynda ylym, medeniýet we sport pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalar bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar hususan-da “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň birinji tapgyryny amala aşyrmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasy hakynda”, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hakynda” hem-de “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda 2021-2022-nji ýyllar üçin ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy hakynda” bilelikdäki çözgütleri kabul etdiler.

Geňeşiň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň maý aýynda Minsk şäherinde geçirmek bellenildi.