Hazarýaka döwletleri gazak kompaniýalarynyň üsti bilen Gara deňze çykarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazarýaka döwletleri gazak kompaniýalarynyň üsti bilen Gara deňze çykarlar
Ylalaşyk Türkmenistana, Azerbaýjan we Eýrana Gazagystanyň portlarynyň we gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň üsti bilen Gara deňzine çykmaga mümkinçilik döreder.

Gazagystanyň Senaty Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza-döwletleriniň arasynda gol çekilen “Gämi gatnawlary boýunça Ylalaşygy ratifisirlemek hakynda” kanuny kabul etdi. Bu Ylalaşyk Türkmenistana, Azerbaýjana we Eýrana Gazagystanyň portlarynyň we gämi gatnawlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň üsti bilen Gara deňzine çykmaga mümkinçilik döreder. Bu barada gazak köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, “ORIENT.tm” ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Senagat we infrastruktura ösüş ministriniň orunbasary Berik Kamaliýewiň sözlerine görä, Gämi gatnawlary boýunça Ylalaşyk taraplaryň içerki suwüsti ugurlary boýunça gämileriň üstaşyr geçişiniň rugsatnama tertibini ýönekeýleşdirýär. Hususan-da, üstaşyr geçiş arzasynyň gözden geçiriş möhleti on güne çenli getirilip, arza Russiýanyň Ulag ministrligi tarapyndan serediler. Üstaşyr geçiş üçin Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda diňe Russiýada içki suwüsti ugurlary bardyr. Häzirki wagtda üstaşyr geçiş üçin rugsatnama Russiýanyň hökümeti tarapyndan berlip, onuň alyş möhleti 3 aýdan 6 aýa çenlidir.

Kamaliýewiň belleýşi ýaly, Russiýanyň içerki suwüsti ugurlary boýunça üstaşyr geçişe diňe gazak kompaniýalarynyň ýönekeýleşdirilen mümkinçiligi bardyr. Şunuň bilen baglylykda, Ýewraziýa bileleşiginiň agzalygyna girmeýän Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran ýaly Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň portlaryndan Gara deňziniň portlaryna gazak kompaniýalarynyň üsti bilen ýük daşamakda gyzyklanma bildirýär.

“Bu Gazagystanyň Aktau we Kuryk portlarynyň Transhazar halkara ulag ugry boýunça üstaşyr kuwwatyny artdyrar” diýip, Kamaliýew nygtady.

Ylalaşygyň kabul edilmegi bilen 2025-nji ýyla çenli Russiýanyň suwüsti ugurlary boýunça üstaşyr ýük daşamalarynyň mukdaryny ýylda 250-300 müň tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik dörär.

2022