Türkmenistanda täze Administratiw iş kodeksi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze Administratiw iş kodeksi tassyklandy
Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete giriziler.

“Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny “Türkmenistan” gazetiniň 4-nji noýabryndaky sanynda çap edildi. Kanuna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji oktýabrynda gol çekdi.

Şu Kodeksde döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, kazyýetde şol jedellere seretmegiň we çözmegiň iş ýörediş ýörelgeleri we düzgünleri bellenilýär.

Administratiw iş ýöredişiň esasy wezipeleri administratiw edaralar bilen gatnaşyklarda kanunyň hökmürowanlygyny, fiziki şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmekden; döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň çygrynda fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramakdan; kanunylygyň berkidilmegine, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň çygrynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Kodeksde bellenilişi ýaly, Administratiw iş ýörediş kanunylyk, hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi, kazylaryň garaşsyzlygy, dispozitiwlik, inkwizisionlyk, açyklyk, taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy, kazyýet seljerişiniň dilden geçirilmegi ýörelgelerinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete giriziler.