Türkmen parlamentarileri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen parlamentarileri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumyna gatnaşdy
Gepleşikleriň barşynda durmuş dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumat tehnologiýalarynyň orny nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) XV maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän Parlament “tegelek stoluna” gatnaşdylar. Çäre Internet ulgamynda 2-nji noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda geçirilýär.

TDH habarlar agentliginiň sişenbe güni habar berşi ýaly, Parlamentara birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan çärä adamlaryň durmuş we abadançylyk şertlerini, hususan-da, COVID-19 döwründe ynamy pugtalandyrmak hem-de ondan soňra dikeltmek usullary arkaly gowulandyrmakda internet tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, dünýäniň ähli künjeklerinden parlament agzalary ýygnandylar.

Bellenilişi ýaly, bu forum öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin öz wagtynda döredilen oňyn meýdança bolup hyzmat edýär, munuň özi milli derejede Interneti dolandyrmak üçin kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligi boýunça yzygiderli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýandygy bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda durmuş dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda maglumat tehnologiýalarynyň orny nygtaldy. IT-tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň adamlaryň häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmak işlerini gowulandyrmakda möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

IGF 2020 “Internet adam durnuklylygy we raýdaşlygy üçin” diýen umumy at bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilýär.