Türkmenbaşy we Mahaçkala arasynda gämi gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçiligine seredilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy we Mahaçkala arasynda gämi gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçiligine seredilýär
Türkmenbaşy halkara deňiz porty

Russiýanyň Mahaçkala deňiz söwda portunyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmak babatda tekliplere seredilýär diýip, Mahaçkala portunyň Baş direktory Murad Hidirowyň “Дагестанская Правда” gazetine beren beýanatynda habar berdi.

Hidirowyň aýtmagyna görä, Mahaçkala porty Russiýanyň Günorta sebitiniň ulag ulgamyny Merkezi Aziýa, Eýran, Zakawkaziýa hem-de sebitiň beýleki döwletleri bilen birikdirýän möhüm strategiki baglaýjy bolup durýar.

“Häzirki wagtda biz Hazarýaka döwletlerinden hyzmatdaşlar, hususan-da, türkmen telekeçileri bilen gepleşikleri alyp barýarys. Türkmen tarapy Mahaçkala we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny täzeden ýola goýmakda gyzyklanma bildirýär” diýip Hidirow öz beýanatynda aýtdy.

Mahaçkala porty Hazar deňziniň ulag ulgamynda wajyp orny eýeleýär. Bilermenleriň belleýşi ýaly, Gazagystandan, Türkmenistandan, Eýrandan we beýleki Hazarýaka döwletlerinden nebit önümlerini hem-de ýükleri bu portuň üsti bilen daşamak ykdysady taýdan amatly we “Demirgazyk-Günorta” ulag ugry boýunça ýük daşamanyň möhletini gysgaldýar diýip, Hidirow nygtady.

Häzir Mahaçkala porty kuwwaty ýylda 3 mln. tonna barabar ýük dolanşygyny amala aşyrýan ýük duralgasyny, kuwwaty ýylda 1,2 mln. tonna umumy ýük we konteýnerler üçin duralgany, kuwwaty ýylda 1,3 mln. tonna bolan demir ýol we awtoulag parom terminalyny, şeýle hem kuwwaty ýylda 500 müň tonna bolan däne terminalyny öz içine alýar.

Mahaçkala söwda deňiz porty, Russiýanyň Hazar deňzindäki ýeke-täk doňmaýan we çuň suw portydyr.

2022