“Altyn Asyr” ÝGPJ milli messenjer programmasyny işe girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Asyr” ÝGPJ milli messenjer programmasyny işe girizdi
Messenjer programmasy Internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmaga, sesli we wideojaňlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamy – messenjer programmasy we mobil goşundysy işe girizildi.

TDH habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Baýramgeldi Öwezow hasabat berdi.

Messenjer programmasy Internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmaga, toparlaýyn söhbetdeşlikleri guramaga, sesli we wideojaňlaryny amala aşyrmaga, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle-de wise-premýer Öwezowyň aýtmagyna görä, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan täze döwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylýar we ol synagdan geçirilýär.

Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022