Türkmenistanda lukmançylyk merkezleriniň gurluşygy dowam etdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda lukmançylyk merkezleriniň gurluşygy dowam etdiriler
Ýurdumyzda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurlar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda anna güni täze açylyp ulanmaga berlen ýokanç keseller hassahanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp wezipelere garaldy, bu ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ulanmaga berlen bu hassahana dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça Türkmenistanda anyk işleriň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda şunuň ýaly birnäçe döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, hökümet agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz möhüm meseleleriň biri bolup ekologiýanyň keselleriň öňüni almakda lukmançylygyň binýatlyk esasy bolup durýar, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň umumy sazlaşygyny döredýär – diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aralýaka zolagy ýaly, oňaýsyz howa şertleri bolan sebitlerde keselleriň öňüni almagyň netijeli usullarynyň we serişdeleriniň aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna ünsi çekip, Aşgabatda Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli täze hassahanany gurmagy tabşyrdy. Bu hassahana ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary bejermek üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça täze Milli maksatnamany taýýarlamak we bu maksatnamany Daşary işler ministrliginiň aral meseleleri boýunça alyp barýan işleri bilen utgaşdyrmak tabşyryldy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmagy tabşyrdy. Bu merkezde saglygy goraýşyň epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we biologiýa, immunologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy ýaly ugurlarda düýpli ylmy-barlag işleri hem alnyp barlar.

Milli Liderimiz ilatymyzy derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda derman öndürýän birnäçe täze fabrikleri gurmagy tabşyrdy.

2022