Ahal welaýatynda täze ýokanç keselleri hassahanasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynda täze ýokanç keselleri hassahanasy açyldy
Halkara ülňülerine laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahananyň bir wagtda 200 näsagy kabul etmäge mümkinçiligi bardyr.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda anna güni ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň – 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Halkara ülňülerine laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy – ululary we çagalary bejermek üçin kabul etmäge mümkinçiligi bardyr. Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keselleri bölümleri hereket edýär.

Täze hassahananyň kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.

Ýokanç keselleri hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär.

Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaýda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.

Täze ýokanç keselleri hassahanasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Gurluşyk işleri “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

2022