Türkmen wekilleri Halkara Sergiler býurosynyň okuw maslahatyna gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekilleri Halkara Sergiler býurosynyň okuw maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň "Expo 2010 Shanghai" halkara sergisindäki pawiliony

Halkara Sergiler býurosy şu ýylyň 16-18-nji noýabr aralygynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde onlaýn okuw maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) saýtynda sişenbe güni habar berlişi ýaly, okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Halkara Sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitriý Kerkentzes, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, şeýle hem Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew çykyş etdiler.

Onlaýn okuw maslahatyna ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. TSTB tarapyndan maslahata Birleşmäniň Söwda we hyzmatlar bölüminiň wekili gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Halkara býuronyň bilermenleri türkmen hünärmenlerini guramanyň işi bilen tanyşdyrdylar hem-de sergi-ýarmarka gurnamak tejribesi bilen paýlaşdylar. Şeýle-de Halkara Sergiler býurosynyň howandarlygynda gurnalýan sergilere gatnaşmagyň kommunikasion we tehniki ugurlaryna seredildi.

Halkara Sergiler býurosy hökümetara guramasy bolup, ol 1928-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda onuň düzümine 169 döwlet girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022