Türkmenistan bilen “Mir” DTRK-niň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen “Mir” DTRK-niň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” DTRK-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň (DTRK) Başlygy Radik Batyrşiniň arasynda duşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy “Mir” DTRK-ni ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda möhüm wezipäni durmuşa geçirýän köp millionly auditoriýasy bolan teleradioýaýlyma goýberiş guramalarynyň biri hökmünde kabul edýändir.

Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hereketleriň depginini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Mir” DTRK-niň arasynda maglumat syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Mir” DTRK-niň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminamalara gol çekilmegi ýaýlyma goýberilişi dünýäniň onlarça ýurduny gurşap alýan “Mir” DTRK-niň serişdelerinde täzelikleriň hem-de maglumat analitiki materiallaryň ýerleşdirilmegi arkaly türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýandyr.

2022