Türkmenistan-Owganystan: iri göwrümli infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Owganystan: iri göwrümli infrastruktura taslamalary durmuşa geçirilýär
Türkmen tarapy şu ýyl öz çäginde TOPH-nyň gurluşygyny tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Ženewada onlaýn görnüşinde geçirlen Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisine gatnaşdy, onda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi.

Öz gezeginde ministr R.Meredow Türkmenistanyň iri göwrümli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystanyň sebitleýin ykdysady integrasiýasyny bu ýurtda parahatçylygyň dikeldilmeginiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy şu ýyl öz çäginde TOPH-nyň gurluşygyny tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň jemleýji tapgyry aýratyn bellendi.

“Demirýol aragatnaşygy barada aýdylanda, türkmen tarapynyň “Akina-Andhoý” demir ýol gurluşygynyň 35 kilometrlik bölegi ýakyn günlerde tamamlanmaly” diýip, R.Meredow belledi. 2021-nji ýylda “Тurgundy-Hyrat” ugry boýunça demir ýoluň gurluşygynyň dowam edilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylary bu taslamalaryň maliýe ýagdaýlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 1 milliard 250 million amerikan dollaryny goýberdi.

Mundan başga-da, geçen ýyllarda Türkmenistan öz serişdeleriniň hasabyna Balh welaýatynda gyzlar üçin mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyradyň töwereginde çaga dogrum öýüni gurup ulanmaga berdi. Şeýle-hem türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanyň çäklerinde ýerleşýän 500 adamlyk metjidiň gurluşygy tamamlandy, onuň açylyş dabarasyna geljek günlerde garaşylýar.

“Watan habarlar” gepleşiginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Owganystana derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, azyk, dokma, we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde muzdsuz bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

2022