Türkmenistan Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegi meýilleşdirýär
Taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Peşawar şäheriniň Sarhad Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Sherbaz Ilyas Ghazanfar Bilouryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

“Neutrality.gov.tm” saýtynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda geçen duşuşygyň barşynda pakistan tarapy Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem “Baky Bitarap Türkmenistanyň wirtual sergisi” bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň söwda-ykdysady, nebitgaz toplumlary hem-de eksporta gönükdirilen önümleri barada wideorolikler we prezentasiýalar görkezildi.

Soňra taraplar Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistan tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da Türkmenistan bilen söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, bu boýunça ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar harytlaryň erkin daşalmagy üçin Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ulag-üstaşyr geçelgesini döredip biljek erkin söwda boýunça Ylalaşyk baglaşmak babatda pikir alyşdylar. Bu ulag-üstaşyr geçelgesi Pakistanyň Gwadar we Karaçi portlarynyň üsti bilen deňize çykmaga mümkinçilik döretjekdigi barada nygtaldy.

“UrduPoint” habar agentliginiň habar berşi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda ýüze çykýan päsgelçilikleri aýyrmak boýunça hem ylalaşdylar.

Sarhad Söwda-senagat edarasynyň başlygy Türkmenistanyň nebit önümlerine baýdygyny belläp, onuň Pakistana türkmen nebit önümlerini amatly bahadan we gysga wagtda import etmäge mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň ilçisi türkmen tarapynyň Pakistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýyndygyny nygtady. Türkmenistanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň birek-birek bilen tejribe paýlaşmagynyň esasynda köp ugurly pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmekde we taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolmalydygy bellenildi.