“Garabogazkarbamid” zawody karbamid önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garabogazkarbamid” zawody karbamid önümçiligini artdyrýar
“Garabogazkarbamid” zawodynda şu ýylyň dokuz aýynda önümçiligiň ösüş depgini iki esse artdy.

Balkan welaýatynda ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawodynda şu ýylyň on aýynda tebigy gazdan alynýan ammiagy çig mal hökmünde ulanmak arkaly 900 müň tonna golaý karbamid öndürildi.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, zawodda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artdy.

Bellenilişi ýaly, zawodyň açylyp, ulanmaga berlen wagtyndan bäri 1 million 381 müň tonna konsentrirlenen azot dökünleri öndürilip, Bolgariýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Ispaniýanyň we beýleki ýurtlaryň oba hojalyk öndürijileri tarapyndan satyn alyndy.

2018-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen “Garabogazkarbamid” zawodynyň ýylda kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndürmäge niýetlenendir. Zawodyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän önümleri deňiz we demir ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarmaga amatly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda öndürilen dökün önümleriň eksport mukdary pul möçberinde şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73.4% ýokarlandy. Bu görkeziji “Garabogazkarbamid” zawodynyň doly kuwwatynda işlemegi bilen baglydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022