Türkmen banklary karzlary resmileşdirmegiň onlaýn görnüşini ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklary karzlary resmileşdirmegiň onlaýn görnüşini ýola goýar
Täze hyzmat banklaryň müşderilerine karz almak üçin arza bilen internet arkaly ýüz tutmak mümkinçiligini döreder.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzlary resmileşdirmegi sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek baradaky teklibi hödürledi.

TDH-nyň penşenbe güni habar berşi ýaly, wise-premýer G.Müşşikow tarapyndan karz edaralaryň resmi internet web-saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, girizilen maglumatlar we ýerleşdirilen resminamalar awtomatiki usulda barlanandan soňra, ýüz tutan raýata karz edarasyna barmaly wagty we gerek bolan resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.

Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyna ýardam berer.

Milli Liderimiz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda uly özgertmeleri başdan geçirýän bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

2022