Kerkidäki howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kerkidäki howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar
Häzirki wagtda uly göwrümli uçarlaryň ikisini we dört sany dikuçarlary bir wagtda kabul etmäge niýetlenen uçar duralgasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan howa menziliniň agramly bölegi tamamlandy.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýanyň hünärmenleri ýolagçy terminalynyň binasyny galdyrdylar. 2200 inedördül metr meýdany eýeleýän terminalyň häzirki wagtda içki bezeg işleri dowam edýär. Üç gatdan ybarat binanyň beýikligi 12 metre ýetýär.

Şeýle-de beýikligi 31 metrden hem geçýän dolandyryş diňi terminalyň üçünji gaty bilen sazlaşýar. Diň terminal bilen bir toplumda gurulýar. Bu ýerde uçuşlary dolandyrmak üçin iň döwrebap enjamlar oturdylar.

Mundan başga-da, terminal bilen birlikde uçar duralgalarynyň hem gurluşygy alnyp barylýar. Duralga uly göwrümli uçarlaryň ikisini we dört sany dikuçarlary bir wagtda kabul etmäge niýetlenendir. Şeýle hem ýöriteleşdirilen ulag hyzmaty, ýangyn, adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş gulluklary we barlag-gözegçilik nokatlary ýaly kömekçi desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Kerki şäherinde gurulýan howa menziliniň umumy meýdany 210 gektara deňdir. Raýat awiasiýasynyň täze desgasyny 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022