Türkmenistan YHÖG-niň emeli intellekt boýunça mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan YHÖG-niň emeli intellekt boýunça mejlisine gatnaşdy
Onlaýn maslahatda YHÖG–niň ählumumy parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň mejlisiniň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn mejlisine gatnaşdylar.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, mejlisiň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylygy hakynda boldy.

Onlaýn maslahatda YHÖG–niň ählumumy parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek, ýurtlaryň parlamentleriniň emeli intellekt we öňdebaryjy sanly tehnologiýalar ulgamyndaky başlangyçlary boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem emeli intellekt boýunça ählumumy parlament ulgamyny döretmegiň mümkinçilikleri, COVID-19-yň tehnologiýa gatnaşyklaryna täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çärä Türkmenistandan başga Ýewropa parlament barlaglary gullugy we birnäçe döwletleriň parlamentleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022