Udmurt Respublikasy bilen Türkmenistan haryt dolanşygyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Udmurt Respublikasy bilen Türkmenistan haryt dolanşygyny artdyrýar
A.Baýramow Udmurt Respublikasynyň Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýändigini aýdyp, duşuşygyň ahyrynda respublikanyň kärhanalaryny onlaýn görnüşinde geçirilip biljek işewürlik maslahatyna çagyrdy.

Russiýa Federasiýasynyň Udmurt Respublikasyndan Türkmenistana eksport möçberi 30 esse artdy. Bu barada Udmurtiýanyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Konstantin Sunsowyň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen geçiren duşuşygynyň barşyndaky eden beýanyna salgylanyp, «Udm-info» neşiri çarşenbe güni habar berdi.

K.Sunsowyň aýtmagyna görä, Russiýanyň bu sebitinden ýurdumyza şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda edilen eksport möçberi geçen tutuş ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 30 esse ýokarlandy we 1 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Ýurdumyzyň şu günki günde oba hojalyk pudagyny ösdürýändigi bilen baglylykda udmurtiýaly agrosenagat enjamlary öndürijilere bazara çykmak üçin oňyn mümkinçilikler bar.

A.Baýramow Udmurt Respublikasynyň Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýändigini aýdyp, duşuşygyň ahyrynda respublikanyň kärhanalaryny onlaýn görnüşinde geçirilip biljek işewürlik maslahatyna çagyrdy.

2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanşygy 694 million 797 müň amerikan dollaryna golaý bolup, bu görkeziji 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 56.47% ýokary boldy. 2020-nji ýylyň jemi boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygynyň 1 milliard amerikan dollaryndan geçmegine garaşylýar.