Türkmenistan ÝHHG-niň Ministrler derejesindäki mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ÝHHG-niň Ministrler derejesindäki mejlisine gatnaşdy
Iki günlük geçirilýän onlaýn maslahata ÝHHG-na girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna (ÝHHG) agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň penşenbe güni habar berşi ýaly, iki günlük geçirilýän onlaýn maslahata ÝHHG-na girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Plenar mejlisiň barşynda ministr R.Meredow Türkmenistanyň ÝHHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen tarapy howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň bitewi strategiýasyny – birnäçe özara baglanyşykly syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Mejlise gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryndaky islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullaryny giňden peýdalanmagyň wajypdygyny hem-de şoňa isleg bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň bu meseläniň çözülmegi babatdaky oňyn çemeleşmesini hem-de bu ugurda görýän anyk çärelerini makulladylar.

2022