Türkmenistan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystanda täze metjit gurdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystanda täze metjit gurdy
Owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek üçin Türkmenistan tarapyndan edilýän goldawyň çäginde 500 orunlyk metjidiň gurluşygy 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy.

Türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde anna güni Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Owganystandaky durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek üçin Türkmenistan tarapyndan edilýän goldawyň çäginde 500 orunlyk metjidiň gurluşygy 2018-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň baş müftüsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Owgan tarapyndan açylyş dabarasyna OYR-nyň Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, şeýle hem Owganystanyň ýokary wezipeli adamlary, Akina şäherçesiniň we Andhoý etrabynyň pudak edaralarynyň we döwlet gulluklarynyň wekilleri, şeýle-de bu welaýatlarda ýaşaýan köpsanly türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Metjidiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylmagynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Türkmenistan goňşy ýurduň durnukly ösüşine uly üns berip, parahatçylykly ösüş ýoluna ýardam bermekde işjeň goldaw berýär.

Owgan halkyna täze desganyň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistandan Jowuzjan, Hyrat we Farýab welaýatlaryna derman we lukmançylyk serişdelerinden, Türkmenistanda öndürilen hojalyk, dokma we azyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi hem ugradyldy.

Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle-de Owganystanyň ýokary wezipeli döwlet işgärleri gatnaşdylar.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022