“Täç hil” atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täç hil” atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan geljekde döwrebap tehnologiýalar esasynda önümleriň täze görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” hususy kärhanasy ýakynda täze önüm bolan atyrlaryň önümçiligini ýola goýdy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana erkekler we zenanlar üçin niýetlenen, döwrebap bezegli aýna çüýşelere gaplanan atyrlaryň 20 görnüşini öndürýär. Geljekde bu görnüşleri has-da artdyrmak, halka hödürlemek meýilleşdirilýär.

Atyrlar taýýarlananda dünýäde iň köp isleg bildirilýän hoşboý yslar, şeýle-de ýerli etil spirti ulanylýar. Olaryň hiline barlaghana hünärmenleri dowamly gözegçilik edýärler. Täze önümler ähli möwsümde ulanmaga amatlydyr.

Mundan başga-da, kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan geljekde döwrebap tehnologiýalar esasynda önümleriň täze görnüşlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

2006-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy HALAL RC HL 17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001, ISO 14001, ISO 10002 we GMP halkara sertifikatlaryna eýedir.

 
2022