Halkara sergiler býurosy Türkmenistanda okuw maslahatyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara sergiler býurosy Türkmenistanda okuw maslahatyny geçirdi
Onlaýn sessiýalaryň dowamynda sergilere gatnaşmagyň kommunikasiýa we tehniki aýratynlyklary maslahatlaşyldy.

Halkara sergiler býurosy Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde onlaýn görnüşde okuw maslahatyny geçirdi.

“Trend” agentliginiň sişenbe güni habar berşi ýaly, okuw maslahatyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň 30-dan gowrak resmileri, şeýle hem hususy sektoryň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Halkara sergiler býurosynyň işi we onuň howandarlygynda gurnalýan sergileriniň dört görnüşi barada maglumat bermek bilen 8 sany ýörite sessiýa gurnaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn sessiýalaryň dowamynda sergilere gatnaşmagyň kommunikasiýa we tehniki aýratynlyklary, şeýle hem dünýä derejede çäreleri geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatynyň başynda Halkara Sergiler býurosynyň baş sekretary Dmitriý Kerkentzes, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Şöhrat Jumaýew çykyş etdiler.

1928-nji ýylda esaslandyrylan Halkara sergiler býurosy hökümetara guramasy bolup, häzirki wagtda onuň düzümine 169 döwlet girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022