Türkmenistan we BMGÖM ykdysady we bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMGÖM ykdysady we bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Hyzmatdaşlyk maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri yzygiderli berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM häzirki wagtda durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etdirmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň ençeme ministrlikleri ykdysady diwersifikasiýa, dolandyryş we inklýuziw ösüş babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamasynda göz öňünde tutulan täze taslamalara badalga berdiler.

Guramanyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, gol çekilen taslamalara şu aşakdakylar degişlidir:

  • BMGÖM we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda “Durnukly ösüş maksatlaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň 2-nji tapgyry;
  • BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň arasynda “Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak”;
  • BMGÖM we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda “Aziýada zorlukly ekstrimizme garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)”.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri yzygiderli berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM häzirki wagtda durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etdirmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

BMGÖM-iň “Dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş” atly maksatnamasy dürli görnüşli işleri öz içine alyp, bu işlere adam hukuklary barada habarlylygyň artdyrylmagy, döwlet dolanyşygy ugrunda özgertmeler, statistiki mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň halk hojalygynyň durmuş we ykdysady gurluşlaryň özgerdilmegi ugrunda çäreler degişlidir.