Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň ençeme ministrlikleri ykdysady diwersifikasiýa, dolandyryş we inklýuziw ösüş babatynda 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamasynda göz öňünde tutulan täze taslamalara badalga berdiler.
Guramanyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, gol çekilen taslamalara şu aşakdakylar degişlidir:
- BMGÖM we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda “Durnukly ösüş maksatlaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň 2-nji tapgyry;
- BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň arasynda “Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak”;
- BMGÖM we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda “Aziýada zorlukly ekstrimizme garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia)”.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri yzygiderli berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM häzirki wagtda durmuşa geçirilýän çäreleri dowam etdirmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.
BMGÖM-iň “Dolandyryş, ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş” atly maksatnamasy dürli görnüşli işleri öz içine alyp, bu işlere adam hukuklary barada habarlylygyň artdyrylmagy, döwlet dolanyşygy ugrunda özgertmeler, statistiki mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň halk hojalygynyň durmuş we ykdysady gurluşlaryň özgerdilmegi ugrunda çäreler degişlidir.