Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna pul gatançlary yglan etmek boýunça ýokary derejeli onlaýn forumyna gatnaşdy. Bu barada TDH çarşenbe güni habar berdi.
Forumyň dowamynda Türkmenistan 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna nobatdaky pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi. Onuň möçberi ABŞ-nyň 100 müň dollaryndan ybaratdyr.
Halkara jemgyýetçiligiň dünýä derejesinde amala aşyrýan hereketlerine goldaw bermek maksady bilen, biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda BMG-niň gaznasyna hoşniýetli erki bilen ilkinji pul gatanjyny - ABŞ-nyň 100 müň dollaryny geçirdi.
Adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasy 15 ýyl mundan ozal, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyna laýyklykda döredildi. Häzirki forum BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan çagyryldy.