Türkmenistan GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
GDA-nyň daşary işler ministrleri geçen döwür üçin bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar hem-de hyzmatdaşlygyň geljek ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Özbegistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň göni aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň internet sahypasynda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar geçen döwür üçin bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar hem-de hyzmatdaşlygyň geljek ýyl üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Sebitleýin we halkara howpsuzlyk, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň we Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamalaryna seredildi.

Şeýle hem, 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki köpderejeli hyzmatdaşlyga hem-de häzirki döwrüň wehimlerini we howplaryny nazara alyp, ähli derejedäki hyzmatdaşlygyň kämilleşdirilmeginiň wajyplygy ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň netijesinde 2021-nji ýyl üçin GDA-nyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriň arasynda köpderejeli syýasy geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda; BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda; GDA 2022-nji ýyly halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly ˗ milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgütlerine gol çekildi.

2022