Türkmenistan we BMGÖM täze taslamalary durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we BMGÖM täze taslamalary durmuşa geçirýär
Türkmenistan we BMGÖM 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan indiki bäş ýyllyk döwür üçin 20-den gowrak hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistan hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamalara gol çekdiler.

Guramanyň ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenilişi ýaly, Hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli gol çekilen resminamalara şu aşakdakylar degişlidir:

  • BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda elektrik energiýasy pudagynyň durnukly ösüşi ugrundaky hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama
  • Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň, BMGÖM-niň we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň “Eksport-import amallary üçin Bir penjire” atly bilelikdäki taslamasy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMGÖM-niň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak” atly bilelikdäki taslamasy.
  • Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty bilen BMGÖM-iň “2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary pudagynda Türkmenistanyň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini ýola goýmak” bilelikdäki taslamasy.
  • Türkmenistanyň Adalatçysy bilen BMGÖM-niň arasynda “2021-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Adalatçysynyň institusional mümkinçiliklerini güýçlendirmek”.
  • Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen BMGÖM-iň “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamasyny uzaltmak.

Taraplar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan indiki bäş ýyllyk döwür üçin 20-den gowrak hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy 1965-nji ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan dünýäde ykdysady ösüş toruny emele getirmek üçin döredildi. Maksatnamanyň 177 ýurtda wekilhanasy hereket edýär.