“SOCAR Trading” türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“SOCAR Trading” türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy
Bäsleşigiň netijesinde “SOCAR Trading” kompaniýasy “ENOC”, “Vitol’, “Rosneft”, “Lukoil” we “Trafigura” ýaly iri kompaniýalardan öňe saýlandy.

“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada “Report” agentligi, “Argus Media”-a salgylanyp, habar berýär.

Habara görä, “SOCAR Trading” 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanda “Vitol” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan nebit söwdasyny özüniň iş ugurlarynyň arasyna geçirdi.

Bäsleşigiň netijesinde “SOCAR Trading” kompaniýasy “ENOC”, “Vitol’, “Rosneft”, “Lukoil” we “Trafigura” ýaly iri kompaniýalardan öňe saýlandy.

Maglumata görä, “Eni Turkmenistan” 2021-nji ýylda Ekerem ýatagyndan alynjak  nebitiň aýda 30-40 müň tonnasyny eksporta ibermegi meýilleşdirýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda bu nebitiň Türkmenistandan eksporty 341 müň tonna çenli ýokarlandy, geçen ýyl bu görkeziji 310 müň tonna deň boldy.

Häzirki wagtda “Eni Turkmenistan” kompaniýasynyň nebiti ýörite niýetlenen tankerler bilen Mahaçkala tarap, soňra  “Transneft” kompaniýasynyň ulgamynyň  üsti bilen Noworossiýsk şäherine ugradylýar.

2022