Bagaja ýatagyndaky gaýtadan işlenilýän gazyň möçberi artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bagaja ýatagyndaky gaýtadan işlenilýän gazyň möçberi artýar
Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynda 2020-nji ýylyň 11 aýy boýunça 8 müň 315 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi.

“Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Lebap welaýatyndaky suwuklandyrylan gaz önümçiligi boýunça şahamçasy Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynda gaýtadan işlenilýän tebigy gazyň önümçiligini artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, 2020-nji ýylyň 11 aýy boýunça 8 müň 315 tonna suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy.

Şeýle-de gaz kondensatyny öndürmekde gowy netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 24,5 müň tonna gaz kondensaty bilen üpjün edildi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 148 göterime deň boldy.

Naýyp we Bagaja gaz känlerinde Kanadanyň “Thermo Design Engineering Ltd” kompaniýasy tarapyndan türkmen gurluşykçylarynyň gatnaşmaklarynda suwuklandyrylan gaz öndürýän döwrebap desgalar toplumlary guruldy. Harytlyk önümi bolan suwuklandyrylan gazyň köp bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

2022