Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly boýunça ugradylýan ýük konteýnerleriniň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly boýunça ugradylýan ýük konteýnerleriniň sany artýar
15 müňünji konteýner Türkmenistan-Türkiýe ugruna hereket edýän ýük otlysynyň düzüminde ugrady.

Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolunyň ugry boýunça 15 müňünji konteýner ýüki ugradyldy. Bu barada “Azernews” çarşenbe güni habar berdi.

15 müňünji konteýner Türkmenistan-Türkiýe ugruna hereket edýän ýük otlysynyň düzüminde ugrady.

TULM-yň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, polipropilen ýüki bilen doldurylan 40-futlyk konteýner Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan Azerbaýjanyň Baku portuna “Silver Star” fider gämisi boýunça ugradyldy. “Silver Star” fider gämisi “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we “ADY Container” tarapyndan dolandyrylýar. TULM Türkmenistandan ýük ugradylmagyny gurady.

Soňra konteýner Azerbaýjanyň çäginden Gruziýanyň Ahalkalaka stansiýasyna we ol ýerden Türkiýä ugradyldy.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda herekete başlan BTK demir ýoly Türkiýäni, Azerbaýjany we Gruziýany birleşdirip, Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda baglanyşygy ýola goýýar. Şu wagta çenli BTK demir ýoly boýunça 21 260 TEU konteýner daşaldy. Şu ýylyň başyndan bäri bu görkeziji 10 779 TEU barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022