Lebapda täze aýakgap önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda täze aýakgap önümçiligi ýola goýuldy
Telekeçi geljekde Türkmenabat hem-de Aşgabat şäherlerinde aýakgap dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär.

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinden telekeçi Arslan Möwlamowa degişli kärhanada “Ýelken” haryt nyşanly aýakgaplar öndürilip başlandy.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, gysga wagtyň dowamynda kärhananyň taýýarlaýan önümleri ilatyň isleg bildirýän harydyna öwrüldi. Aýakgaplaryň önümçiliginde ýerli çig mallar ulanylýar.

Häzirki wagtda kärhanada 17 hünärmen zähmet çekýär. Kärhanada köp işler el güýji bilen ýerine ýetirilip, alyjylaryň isleglerine görä her gün dürli ölçegde, dürli görnüşde, dürli reňkde 45-50 aýakgap öndürilýär.

Kärhananyň Kerki şäherinde, Köýtendag we Hojambaz etraplarynda aýakgap dükanlary hereket edýär. Geljekde Türkmenabat hem-de Aşgabat şäherlerinde kärhananyň aýakgap dükanlaryny açmaklyk meýilleşdirilýär.

Telekeçi öz iş gerimini giňeltmegi, geljekde kärhanada gelin-gyzlar üçin el torba, gapjyk, mekdep okuwçylary üçin goş torba ýaly harytlaryň önümçiligini ýola goýmagy hem meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022