AÖB we Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB we Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar
Gepleşigiň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşik geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

Gepleşigiň dowamynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady integrasiýasyna oňyn täsiri we ýewraziýa giňişliginde durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem taraplar “Demirgazyk–Günorta” demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegini, elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlygy we geljek ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Umumy uzynlygy 1,840 kilometre barabar boljak TOPH gazgeçirijisi doly ulanmaga berlenden soň, ol ýylda 33 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa ugry boýunça akdyrmaga mümkinçilik berer.

2022